Abdulla Babaýew Fight Nights-yň ýaryşynda garşydaşyny demikdiriji usul bilen ýeňdi

  • 21.06.2025 02:42
  • 23k+

Garyşyk söweş sungatynyň türkmenistanly wekili Abdulla Babaýew halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyşlaryny dowam edýär. Bu gezek ol Ulýanowskide (Russiýa) geçirilen Fight Nights ýaryşynda russiýaly garşydaşy Habib Guseýnowdan üstün çykdy. Abdulla birinji raundda demikdiriji usuly ulanyp, Fight Nights ýaryşlarynda yzygider dördünji ýeňşini gazandy.

24 ýaşly türkmen türgeni bu promouşende geçiren 4 tutluşygynyň hemmesinde hem ýeňiş gazanyp, üstünlikli statistikasy bilen tapawutlanýar. Tutluşyklarynyň ählisini hem ol demikdiriji usul ulanyp, möhletinden öň tamamlady.
A.Babaýew bu söweşe taýýarlygy Mahaçkaladaky Abdulmanap Nurmagomedow adyndaky sport zalynda geçdi.
Ýaryşy göni ýaýlymda UDAR teleýaýlymy görkezdi.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 10:58
6.4k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....