Aýnadan çap etmek üçin ilkinji 3D printeri döredildi

  • 24.06.2025 13:32
  • 3.2k+

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň Linkoln barlaghanasynyň barlagçylary aýna zatlary öndürmäge ukyply ilkinji 3D printeri çykardylar. Şu wagta çenli additiw önümçilik şokolad we plastmassa ýaly dürli materiallary öz içine alypdy, ýöne organiki däl aýna bu tehnologiýanyň çäginden daşarda galyp gelýärdi.

Aýnany gaýtadan işlemegiň nusgawy usuly 700-1800° C aralygyndaky temperaturany talap edýär, bu bolsa ony 3D çap etmekde ulanylmagy kynlaşdyrýar. Massaçusets ştatynyň alymlary bu meseläni pes temperaturaly 3D çap etmegiň usulyny işläp düzmek arkaly çözdüler.
Olar nanobölejiklerden we silikat ergininden durýan aýna sapak ýasadylar. Bu material çydamly, çeýe we çylşyrymly gurluşlary çap etmek üçin amatly. Bu proses "pes temperaturaly additiw önümçilik" diýen ady aldy.
Çap edilenden soň, önüm bişirmek üçin 250° C ýagly hammamda ýerleşdirilýär. Amal organiki erginiň kömegi arkaly materialyň artykmaç ýerlerini aýyrmak bilen  tamamlanýar.
Işläp düzüjileriň sözlerine görä, täze tehnologiýa adaty usullar arkaly edip  bolmaýan zatlary döretmäge mümkinçilik berýär. Ol ýokary temperatura niýetlenip döredilen elektron komponentleri öndürmekde we mikroflýuid ulgamlaryny ösdürmekde islegli bolup biler.


düýn 20:31
2.5k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......