Plastik galyndylardan parasetamol öndürmegiň usuly tapyldy

  • 26.06.2025 14:32
  • 7.5k+

Edinburg uniwersitetinden professor Stiwen Uollesiň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary plastik galyndylarynyň derman öndürmek üçin ulanylyp bilinjekdigini kesgitlediler. Bu barada Nature žurnalyndaky barlaga salgylanýan The Guardian ýazýar.

Himiýaçylar içege taýajyklary ýaly bakteriýalaryň kömegi bilen plastik çüýşelerden parasetamol diýlip atlandyrylýan işjeň madda bolan asetaminofeniň öndürilip bilinjekdigini anykladylar. Munuň üçin ýasama polietilentereftalatyň (PET) gatnaşmagynda bioylalaşykly, ýagny janly öýjükler üçin howpsuz bolup çykan himiki reaksiýa ulanylýar.
Barlagçylara täze usul bilen derman öndürmek üçin bir gün ýeterlik boldy.

"Häzirki wagtda adamlar parasetamolyň nebitden alynýandygyna düşünmeýärler. Bu tehnologiýa himiýa bilen biologiýany ilkinji gezek birleşdirip, parasetamoly has ygtybarly usulda öndürip biljekdigimizi we şol bir wagtyň özünde daşky gurşawdaky plastik galyndylary arassalap biljekdigimizi görkezýär" – diýip, Uolles belledi.

Alymlaryň sözlerine görä, plastmassadan derman öndürip başlamak üçin goşmaça barlaglaryň geçirilmegi zerur. Şeýle-de bolsa, olar tehnologiýanyň geljegine höwes bilen garaýarlar we geljekde plastik galyndylaryň mukdaryny azaltmaga kömek eder diýip umyt edýärler.


düýn 20:31
2.5k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......