Howa maglumaty: şu hepde Türkmenistanda ýagyşly howa bolar

  • 13.02.2023 13:29
  • 31k+

Türkmenistanyň Gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ba­ra­da­ky gul­lu­gy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada «Türkmenistan» gazetinde maglumat berdi.

Aş­ga­bat­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 7 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -3 gradus sowukdan +3... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +6 gradusdan +9... +11 gradus aralygynda maýyl bolar.
Bal­kan we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazykgünbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10... +15 gradus, kenarýaka etraplarda +4... +9 gradus maýyl bolar.
Ahal we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5... +10 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl bolar.
Ma­ry we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7... +12 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl bolar.
Le­bap we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +11 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl bolar.
Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradus sowukdan -2... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +1... +6 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......