Türkmenistanyň käbir ýerlerinde howa +20 gradusa çenli maýlar

  • 29.01.2023 15:38
  • 36k+

Türkmenistanda uzaga çeken adatdan daşary aýazly howa geljek hepdede gowşar. Ýurdumyzyň käbir ýerlerinde +20 gradusa çenli maýyl bolar diýip, «Meteožurnal» neşiri ýazýar.

Howanyň maýlamagy sowuk howa akymynyň Alynky Aziýadan çykmagynyň netijesinde mümkin bolar. Hepdäniň çarşenbe gününde ýurduň gündogarynda we günorta-gündogarynda termometriň görkezijileri +16 ... +21 gradus görkezer. Ýurduň demirgazygynda we günbatarynda howanyň temperaturasy +7 ... +12 gradus, Aşgabatda +11 .. +13 gradus maýyl bolar.
Çarşenbe güni şeýle hem ýurduň birnäçe sebitlerinde az-kem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Mary we Lebap welaýatynda sekuntda 12-17 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýar.


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......