Raşid Meredow BMG-niň wekiline Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi babatynda alyp barýan işleri barada maglumat berdi

  • 17.01.2023 13:21
  • 25k+

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
UNEP-iň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi babatynda alyp barýan işleri barada maglumat bermek bilen, ählumumy daşky gurşaw meseleleriniň çözülmeginiň ählumumy, sebit we milli derejelerde tagallalary birleşdirmegiň, şol sanda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we döwletleriň her biriniň BMG bilen hereketlerini utgaşdyrmagyň zerurdygyny göz öňünde tutýar. Şu nukdaýnazardan, Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýasy boýunça sebit merkezini döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjy yglan edildi. Onuň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynda howa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ulanmak hem-de howanyň üýtgemegi babatynda sebitiň tehnologiki ösüşine goldaw bermek bolmaly.
Tähran konwensiýasynyň sekretariatynyň işi boýunça pikir alşyldy hem-de bu babatda Hazar deňziniň howasynyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen baglanyşykly taslamalara garamak we Hazar deňziniň türkmen böleginde deňiz giňişligini meýilleşdirmek konsepsiýasyny işläp düzmek teklip edildi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......