Türkmenistanda täzeden dörediljek Halk Maslahatynyň düzümi, ygtyýarlyklary barada

  • 12.01.2023 00:28
  • 19k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň 11-nji ýanwarda geçirilen bilelikdäki maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň täze dörediljek Halk Maslahatynyň düzümi we ygtyýarlyklary barada teklibini beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, täzeden dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň Başlygy, Ýokary kazyýetiň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Mejlisiň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy, Baş prokuror, adalat ministri, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň hem-de şäherçeleriň arçynlary, syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleri giriziler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklaryna şulary girizmek teklip edildi:

  • ýurdumyzyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de makullamak;
  • döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna seretmek hem-de makullamak;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmesini diňlemek;
  • parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine seretmek;
  • Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

Halk Maslahatynyň, onuň wezipeli adamlarynyň hem-de agzalarynyň işini guramaçylyk we tehniki taýdan üpjün etmegi Halk Maslahatynyň Diwany amala aşyrar. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Diwanynyň üstüne welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek wezipesi ýüklense, ýerli halk maslahatlarynyň has netijeli işlemegi üçin amatly bolar. Halk Maslahatynyň mejlisleri zerurlyga görä, ýöne ýylda azyndan bir gezek onuň Başlygy tarapyndan ýa-da Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylýar.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......