9-10-njy ýanwarda Türkmenistanda täze ýylyň ilkinji garynyň ýagmagyna garaşylýar

  • 09.01.2023 00:44
  • 40k+

9-10-njy ýanwarda Türkmenistanyň birnäçe sebitlerinde täze ýylyň ilkinji gary ýagar diýip howa maglumaty gullugynyň hünärmenleri çaklaýarlar. Bu barada «Meteojurnal» neşiri habar berýär.

9-njy ýanwarda Ahal, Lebap, Balkan we Mary welaýatlarynyň käbir ýerlerinde gar ýagar. Balkanda howanyň temperaturasynyň -4°… + 1°, aşa günortada 0… + 4°, Ahalda - 4°… + 1 °, günorta-gündogarda -1°… + 4 bolmagyna garaşylýar. 9-njy ýanwarda gijesine we gündizine Aşgabatda gar ýagar diýlip çaklanýar. Gündizki temperatura 0… -3° bolar.
10-njy ýanwarda Mary we Lebap welaýatlarynyň merkezi we günorta sebitlerinde gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Ýurduň hemme ýerinde diýen ýaly sowuk howa bolup, temperaturanyň aşaklamagyna garaşylýar. Daşoguz welaýatynda bolsa şol günlerde aýaz bolar, käbir ýerlerde howanyň temperaturasy -14°… -19° çenli aşaklar.
Çeşmäniň habaryna görä, ýakyn günlerde adaty bolmadyk aýazly howa bolar. Türkmenistanyň ähli sebitlerinde -15° C we ondan hem pes temperatura garaşylýar. Daşoguz welaýatynyň käbir sebitlerinde gije -20° C-den hem pes aýaz bolup biler.


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......