2023-nji ýylyň birinji hepdesinde Türkmenistanda garaşylýan howa maglumaty

  • 03.01.2023 15:22
  • 28k+

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2023-nji ýylyň ilkinji hepdesiniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +13... +18 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +8... +13 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5... +10 gradusdan +12...+17 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+10 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +9 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günortagünbatardan günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2... +7 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl bolar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 7 metrden 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -2 gradus sowukdan +3... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +10 gradusdan +13... +15 gradus aralygynda maýyl bolar.


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......