2022-nji ýylyň iň soňky hepdesinde Türkmenistanda boljak howa maglumaty

  • 26.12.2022 15:01
  • 39k+

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Maglumat «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +4... +9 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+8 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +9 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 sowukdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3... +8 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradus sowukdan 0... -5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3... +2 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl bolar.
Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5 — 7 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +1 gradusdan +2...… +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5... +7 gradusdan, +10... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......