Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda Ilham Aliýew bilen duşuşdy

  • 12.11.2022 07:07
  • 8.1k+

11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowy Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanmagy bilen gutlady.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler bilelikdäki tagallalaryň netijesinde häzirki döwürde bu gatnaşyklaryň täze many-mazmuna eýe bolýandygyny belläp, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini nygtadylar.
Şeýle hem taraplaryň halkara syýasatyň we özara gyzyklanma bildirilýän sebitara gatnaşyklaryň, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da meňzeşdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ilerletmekde we durmuşa geçirmekde goldawy üçin dostlukly döwletiň Baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.


düýn 17:39
1.3k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......