Türkmenistanyň welaýatlarynda dolandyryş-çäk gurluşyna üýtgeşmeler girizildi

  • 23.10.2022 16:38
  • 24k+

Türkmenistanda 6 sany etraby, 5 sany etrap hukukly şäheri, 1 sany şäherdäki etraby, 2 sany şäherçäni, 36 sany geňeşligi ýatyrmak, 36 sany obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak boýunça teklipler öňe sürüldi.

Şeýle hem 6 sany oba şäherçe derejesini berip, şeýle hem 19 obany we 3 sany şäherçäni şäherlere  birikdirmek bilen, iri dolandyryş-çäk birliklerini emele getirmek hem-de 6 sany ilatly ýere oba derejesini bermek teklip edildi.
Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, bu teklipler ýer, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň we dolandyrmagyň netijeli usullarynyň ornaşdyrylýan döwründe ýurdumyz boýunça dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde taýýarlanyldy.
Şeýlelikde, Türkmenistan boýunça jemi 37 sany etraby, 6 sany etrap hukukly şäheri, 5 sany şäherdäki etraby, 42 etrapdaky şäheri, 68 şäherçäni hem-de 469 geňeşligi we 1690 sany obany galdyrmak kararyna gelindi.
TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda, dolandyryş-çäk birliklerini döretmegiň we üýtgetmegiň tertibi «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenýär. Oňa laýyklykda, welaýatlary, etraplary, şäherdäki etraplary, geňeşlikleri döretmek we ýatyrmak, ilatly ýerleri şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň derejesine degişli etmek, olaryň adyny üýtgetmek, şeýle hem dolandyryş-çäk gurluşynyň beýleki meselelerini çözmek welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tertipnamalary boýunça ýurdumyzyň Milli Geňeşi tarapyndan amala aşyrylýar.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......