Serdar Berdimuhamedow «Russiýa — Merkezi Aziýa» sammitine gatnaşýar

  • 14.10.2022 16:01
  • 14k+

Serdar Berdimuhamedow «Russiýa — Merkezi Aziýa» birinji sammitina gatnaşyjy agza döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşýar.

Astanada geçirilýän duşuşykda Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri dürli ugurlarda Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşýarlar.
Hususan-da, duşuşygyň gün tertibinde dowam edýän geosyýasy ýagdaýda umumy söwda-ykdysady bähbitleri goramagyň çäreleri we Owganystandaky ýagdaý çygrynda sebitleýin howpsuzlyk meseleleri maslahatlaşylýar.
Duşuşyk Russiýa Federasiýasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýär.


düýn 16:48
8.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow: Hytaýda ähli zat gowy bolsa, bütin dünýäde hem gowy bolar

Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke interwýu wagtynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygy Si Szinpini nähili lider hökmünde görýändigi barada sowal berdi...

düýn 16:21
12k+

Halk Maslahatynyň Başlygy: Atylan ok harbymy, esgermi ýa-da çagamy… saýgarmaýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýädäki häzirki ýagdaýlar barada öz garaýyşlaryny aýtdy. Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke bilen söhbetdeşliginde türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda dünýädäki ýagdaýlaryň çylşyrymlydygyna garamazdan, halkara hukuk gurallaryna daýanyp, durnuklylygy dikeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi...

düýn 16:03
5k+

Türkmenistan Hytaýa jemi 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberdi

2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň Hytaýa eksport eden tebigy gazynyň umumy möçberi 460 milliard kub metre golaý boldy. Bu sanlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi...

düýn 15:32
2.4k+

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2007-nji ýyldan bäri 20 esse artdy

Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmagynda galýar. 2007-nji ýyldan bäri ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy we her ýyl 9–10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýar...