Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi: 690 müň gektara bugdaý ekiler

  • 03.09.2022 08:44
  • 6.3k+

2-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, oňat taýýarlanan topraga: “Her bir dänäň müň bolsun!” diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, nobaty mehanizatorlara berdiler.
Ýurdumyzda 690 müň gektara bugdaý ekiler. Daýhanlar şonça meýdandan 2023-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly “Sähraýy”, “Ýolöten-3”, “Juwan”, “Ýolöten-1”, “Miras”, “Berkarar”, “Garaşsyzlyk”, “Bitarap” görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy.
Şu möwsümde Türkmenistan boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” ýaly kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Ak üzüm” daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Goç”, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň “Türkmenistan”, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......