Gyrgyzystanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary duşuşdylar

  • 21.07.2022 18:13
  • 23k+

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen konsultatiw duşuşygynda dürli ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyrgyz habar beriş serişdeleriniň bellemegine görä, duşuşygyň barşynda sebitde ilkinji umumy teleýaýlymy hem-de teletaslamalarynyň tapgyrlaryny döretmek başlangyjy beýan edildi, şolar sebitiň kuwwaty, şeýle hem Merkezi Aziýanyň halklarynyň taryhy we medeniýetleriniň özboluşlylygy barada gürrüň berer.
Şeýle hem teleýaýlym maglumat giňişliginde ýaramaz ýagdaýlaryň ýüze çykmagyny öňünden duýdurmakda ýurtlaryň özara hereketlerini güýçlendirip biler diýip, Gazagystanyň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýew belledi.
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda erkin söwda etmäge päsgelçilik berýän bökdençlikleri aradan aýyrmak babatda pikirini aýtdy. Ol Merkezi Aziýada erkin söwda edilmeginiň, maýa goýumlarynyň hem-de ulag-üstaşyr düzümleriniň ösdürilmeginiň sebiti galkyndyrmaga itergi berjek ýagdaýlardygyny nygtady.
Şeýle hem bilelikdäki ýörite syýahatçylyk ugurlaryny guramak, syýahatçylar tarapyndan umumy serhetlerden geçilmeginde biraz ýeňillik girizmek, bilelikdäki syýahatçylyk sergilerini geçirmek hem-de beýlekiler barada teklipler beýan edildi.


şu gün 19:20
386

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......