Serdar Berdimuhamedow häkimleriň ýerlerdäki ýagdaýlar baradaky hasabatlaryny diňledi

  • 14.06.2022 08:52
  • 23k+

13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutany iş maslahatynyň dowamynda häkimleriň hasabatlaryny diňledi. Olar häzirki döwürde welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak, kombaýnlaryň we ýygnalan hasyly daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak ugrunda ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdiler. Şol bir wagtyň özünde gowaçalaryň hatarara bejergi we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri baradaky maglumatlar hasabatlaryň özenini düzdi. Welaýatlarda ýeralma hem-de gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, bu önümleriň bolçulygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler barada-da hasabat berildi. 
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler, gowaça ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleri we ýazlyk ýeralmadan, gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda amala aşyrylýan hemmetaraplaýyn tagallalar barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsüm hasaplanylýan galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegi, ýetişdirilen hasylyň talabalaýyk saklanmagy we gaýtadan işlenmegi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi wajyp talap bolup durýar diýdi. 


düýn 16:02
937

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......