Iş maslahaty: Serdar Berdimuhamedow Daşoguzyň häkimine nägilelik bildirdi

  • 31.05.2022 08:40
  • 30k+

30-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, öňde boljak şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutany, ilki bilen, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Olar şu günler welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek, şol bir wagtyň özünde gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini geçirmek we sebitleriň durmuş düzümini kämilleşdirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkimlere degişli görkezmeleri berdi.

Iş maslahatynda döwlet Baştutany Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabatyny diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň depgininiň pesdigini belläp, onuň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň derejesi, gowaça ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleri we ýazlyk ýeralmadan, gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda amala aşyrylýan hemmetaraplaýyn tagallalar barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer şu günler dowam edýän pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek maksady bilen, Ahal we Balkan welaýatlarynda bu işleriň bellenilen möhletlere laýyklykda dowam edýändigini aýtdy.


düýn 13:45
11k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

düýn 13:39
9.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....

düýn 10:02
2.3k+

Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda täze önümçilik işe giriziler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Hökümet mejlisiniň dowamynda ýurduň dokma senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi....

düýn 07:44
2.9k+

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......