Iş maslahaty: oba hojalyk boýunça wise-premýere ýerlerde bolup, meseleleri öwrenmek tabşyryldy

  • 11.05.2022 09:05
  • 15k+

10-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda, ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri ýerler alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada gezekli-gezegine hasabat berdiler. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewwelaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, şeýle hem ýurdumyzda galla oragy möwsümine taýýarlyk işleriniň batly depginlerde dowam edýändigi barada hasabat berdi. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak maksady bilen welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralma, gök we bakja ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyl bilen bazarlarymyzy doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. 
Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlaryna guran iş saparlarynyň netijeleri barada giňişleýin hasabat berdi. 
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň welaýatlara guran saparlarynyň netijelerine ünsi çekip, Daşoguz welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegini talap etdi we wise-premýeriň ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem iş saparlarynda bolup, bar bolan meseleleri ýerinde öwrenmegi tabşyrdy. 

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......