Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Başlangyjy;
- 2-nji bölüm;
- 3-nji bölüm;
- 4-nji bölüm;
- 5-nji bölüm;
- 6-njy bölüm;
- 7-nji bölüm;
- 8-nji bölüm;
- 9-njy bölüm;
- 10-njy bölüm;
- 11-nji bölüm;
- 12-nji bölüm;
- 13-nji bölüm;
- 14-nji bölüm;
- 15-nji bölüm;
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
— Onsoň bu nädip baýlyk toplamaga kömek edýär? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Siz haýsy ugra barýandygyňyzy bilmezden, syýahata barýarsyňyz diýip göz öňüne getireli. Ahyrsoňy nireden çykaryn öýdýäňiz? — diýip, jenap Çepmen sorady.
Ýaş ýigit ýylgyrdy-da:
— Bu barada diňe çak etmek bolar — diýdi.
— Menem şony aýtmakçy bolýan. Bu hiç kime belli däl. Siz duýgularyňyza bil baglap, islendik wagt, islendik tarapa öwrülmegiňiz mümkin. Ýöne başdan nirä barýandygyňyzy kesgitli bilýän bolsaňyz, şo ýere barjagyňyz gümansyz, şeýle dälmi?
— Düşünýän… barjak ýeriňi kesgitlemeli — diýip, ýaş ýigit gaýtalady.
— Elbetde. Durmuşam edil syýahat ýaly bir zat. Eger nirä barýanyňyzy bilýän bolsaňyz, siziň şo ýere barjagyňyz gürrüňsiz.
Ýaş ýigit ýandepderçesine ýene-de bir zatlar ýazdy. Mundan öň onuň durmuşynda kesgitli maksady ýokdy, ýöne indi onuň nähili ähmiýetiniň bardygyna düşündi.
— Maksatly bolmak — bu diňe ösüşiň bir bölegi. Geliň, ýene şol syýahatly gürrüňe dolanyp baralyň. Aýdaly, siz bir wagtda birnäçe ýere syýahat etmek isleýäňiz. Olaryň birinem sypdyrmazlyk üçin näme etmeli?
— Baryny ýazyp goýmaly.
— Örän gowy. Maksadyňa ýetmegiň iň gowy ýoly — olary ýazyp goýmaly hemem dogry ýol bilen barýandygyňa göz ýetirmek üçin elmydama ony okap durmaly. Bu supermarkete baran ýaly bir zat, eger eliňizde almaly zatlaryň sanawy bolmasa, onda ünsüňizi dürli harytlar, bildirişler ýa bolmasa adamlaryň goh-galmagaly bozup, netijede, gerekli zadyňyz alman, eli boş çykmagyňyz gaty ahmal.
Ýaş ýigit güldi-de, şeýle diýdi:
— Men elmydama şunuň ýaly ýagdaýa düşýän. Supermarkete baran mahalym, almaly zadymy alman, oňa derek başga — gerekmejek zatlary alyp gaýdýan.
— Eger ýanyňyzda gerekli zatlaryň sanawy bolsa, beýle bolmaz, sebäbi siz sanawuňyza seredip, almaly zatlaryňyzy alyp gaýdarsyňyz.
— Ýöne bu gaty ýönekeý görünýär — diýip, ýaş ýigit aýtdy.
— Gaty dogry — diýip, jenap Çepmen ýylgyrdy.
— Diýmek, maksadyňy ýazyp goýsaň, netijesi has gowy bolýar-da? — diýip, ýaş ýigit gaýtalady.
— Hawa. Ýadyňdan çykmazlygy üçin günde üç wagtyna seredip dursaňyz hasam gowy bolar. Şeýtseňiz bu elmydama aňyňyzda bolup, edýän işleriňiziň aglaba bölegi maksadyňyz bilen bagly bolar. Umuman aýdanyň-da, siz maksadyňyza görä hereket edersiňiz. Meselem, eger haýsydyr bir taslamany hepdäniň ahyrynda gutarmagy maksat edinýän bolsaňyz, onda boş wagtyňyz başga zatlara güýmenmän, şol taslamany gutarmaga sarp edersiňiz.
— Mundan başga-da — diýip, jenap Çepmen gürrüňini dowam etdi, — bu işde has uly netije gazanmak üçin aň asty aňyňyzy işletmeli bolarsyňyň.
— Nädip? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Adatça, maksat nähili goýulýar? Meselem, adamlar täze ýylyň öňüsyrasy näme diýýär? Olar: «Umyt edýärin…», «Etmekçi bolýaryn…», «Synanmak isleýärin…». Bular ýaly sözlerden netije ýok. Hut şonuň üçinem adamlaryň aglabasy köne ýylda beren sözüni saklanok — diýip, jenap Çepmen düşündirdi.
— Ýöne o sözleriň nämesi bolanok? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Aýdaly, kimdir biri çilimi taşlamakçy bolýandygyny aýdýar. Nähili pikir edýäňiz, bu oňa başardarmy?
Ýaş ýigit eginlerini gysdy.
— Onuň taşlamajagyna jedelem ederin — diýip, jenap Çepmen aýtdy, — sebäbi muny, dogrudanam, taşlamak isleýän adam şeýle diýýär: «Men çilim çekemok».
Siz haçan-da bir wagt hiç hili diregsiz, kellesidir aýagynyň aşagynda stul goýup, adamyny uzynlygyna ýatyran gipnozçy barada eşitdiňizmi?
— Hawa, eşitdim — diýip, ýaş ýigit jogap berdi.
— Eger gipnozçy ol adama: «Siziň göwräňiziň taýak ýaly gös-göni bolmagy mümkin, häzir sizi edil demir ýaly gatatmaga synanyşarys» diýen bolsa, nämeleriň boljagyny bilýäňizmi? Ol adam gipnozça gulak asman öz ýerine geçip oturyberer. Ýöne oňa derek gipnozçy şeýle diýýär: «Siziň göwräňiz taýak ýaly gös-göni, demir ýaly gap-gaty». Hiç hili «bolmagy mümkin» ýa-da «synanyşarys» diýen söz ýok. Hiç hili «synanyp görmek» ýa-da «umyt etmek» ýaly zat ýok. Gipnozysy häzirki boljak zadyň takyk gürrüňini edýär.
Öňüňizde maksat goýanyňyzda gepleýiş äheňiňize üns beriň. «Şuny etmek isleýärin…», «synanyşmakçy bolýaryn» ýa-da «şu ýylyň 31-nji dekabryna çenli 100000 funt gazanmak isleýärin» diýmegiň ýerine: «Men şu günden başlap, şu ýylyň 31-nji dekabryna çenli 100000 funt gazanaryn» diýseňiz ýerine düşer.
Eger maksadyňyzy ýazan bolsaňyz, diýmek, oňa ýetmek üçin ýoluň ýaryny geçensiňiz. Sebäbi onuň kagyz ýüzüne geçmegi hemem günde üç wagtyna okalmagy — irden, öýlän we agşam — eýýäm oňa ýetmegiň ugrunda edilýän tagalladyr.
— Dogrudanam, bu çynmy? — diýip, ýaş ýigit sorady.
(dowamy bar).