Türkmen paýtagtynda ýene bir Stomatologiýa merkezi gurlar

  • 17.04.2022 14:52
  • 13k+

Aşgabatda ýene-de bir döwrebap Stomatologiýa merkezi gurlar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji aprelde Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň açylmagy mynasybetli geçiren maslahatynda aýtdy.  

Hususan-da, döwlet Baştutany häzirki wagtda paýtagtymyzdaky Stomatologiýa merkezine ýüz tutýanlaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny, şeýlelikde, merkeziň çägini we оnuň mümkinçiliklerini artdyrmak zerurlygynyň ýüze çykýandygyny nazara alyp, hökmany ýagdaýda Aşgabatda ýene-de bir döwrebap Stomatologiýa merkezini gurmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, täze Stomatologiýa merkezi şäheriň “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkeziniň gabat garşysyndaky boş ýerde gurulsa, maksadalaýyk bolar diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we wise-premýer S.Toýlyýewe, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde degişli işleri geçirip, täze Stomatologiýa merkeziniň ýerleşjek ýeri we onuň gurluşygy boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......