Hökümetiň Awazadaky göçme mejlisinde häkimleriň hasabatlary hem diňlenildi

  • 15.04.2022 16:15
  • 13k+

14-nji aprelde Awazada geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny hem diňledi.

Türkmenbaşydaky 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna hem-de ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin 4 gatly, 60 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň düýbüni tutmak dabarasyna görlen taýýarlyk işleri Balkan welaýatynyň häkiminiň hasabatynyň esasyny düzdi.  

Şeýle-de häkimler Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri guramak boýunça alnyp barylýan degişli işler barada habar berdiler. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda dürli maksatly desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......