Türkmenistana kowidi anyklamak üçin PZR testleriniň nobatdaky tapgyry getirildi

  • 07.04.2022 16:09
  • 21k+

BMGÖM-niň wekilleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine COVID-19-y anyklamak üçin PZR test-ulgamlarynyň nobatdaky tapgyryny berdiler. Çäre Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda COVID-19-a garşy durmak» taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. 193 müň testiň jemi bahasy 998 935 ýewro boldy.

«Türkmenistanda COVID-19-a garşy durmak» taslamasy BMGÖM-y we BMG-niň Çagalar gaznasy, BSGG bilen bilelikde TSGweDS ministrligi tarapyndan amala aşyrylyp, test geçirmek we bejeriş işiniň  kuwwatyny berkitmeklige, lukmançylyk işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmaklyga, reagentleri, derman serişdelerini we medisina enjamlaryny satyn almaklyga, şeýle hem, pandemiýa bilen bagly sosial we saglyk üçin töwekgelçilikleri aradan aýyrmaklyga gönükdirilendir. Şonuň ýaly-da, taslama ýokanç kesellere gözegçiligi amala aşyrmak üçin sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşyny goldaýar.

Şeýle-de, taslama «Türkmenistanyň ýiti ýokanç keselleriň öňüni almaga taýýar bolmak we oňa garşy durmak meýilnamasynyň» durmuşa ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.   


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......