Wladimir Putin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti bilen telefon arkaly gürleşdi

  • 15.03.2022 23:05
  • 1.5k+

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi we ony Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady. Bu barada Kremliň metbugat gullugy habar berýär.

Russiýanyň Lideri şeýle hem ilki iberen gutlag hatynda Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesinde işiniň türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirýändigini belledi.

Putin şeýle hem Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda RF-niň Prezidenti türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösmeginde şahsy goşandy üçin türkmen kärdeşine minnetdarlyk bildirdi we onnuň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.


düýn 17:31
1.3k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
2.1k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....