Berdimuhamedow "Hytaý-Merkezi Aziýa" onlaýn sammitine gatnaşdy

  • 25.01.2022 23:05
  • 6.4k+

25-nji ýanwarda “Hytaý-Merkezi Aziýa” görnüşinde döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly sammiti geçirildi. Ol Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy esasynda geçirilýän bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Onlaýn duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy. Sammitde çykyş eden HHR-iň Başlygy Si Szinpin Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň açarynyň birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, raýdaşlyk we özara bähbitlilik bolup durýandygyny belläp, hytaý tarapynyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga taýýardygyny beýan etdi.

Siz Szinpin öz çykyşynda Senagatçylar geňeşini döretmek, Hytaý we Merkezi Aziýa dostluk forumyny geçirmek babatdaky teklipleri beýan etdi. Bu teklipleriň Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda ylym-bilim, medeniýet we syýahatçylyk ugurlarynda has ykjam gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary ähli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, energetika, ulag-aragatnaşyk, saglygy goraýyş, söwda-ykdysady ugurlardaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy babatda pikirler aýdyldy. 


düýn 23:05
478

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
725

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.5k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......