Türkmen Lideri Stambulda gyrgyz kärdeşi bilen duşuşdy

  • 13.11.2021 09:15
  • 6.8k+

12-nji noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Stambul şäherinde geçirilýän Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda häzirki zaman tapgyrynda döwletara syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýändigini bellediler. Söhbetdeşler Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammitiniň gün tertibine ünsi çekip, Türkmenistanyň bu gurama synçy derejesinde goşulmagy baradaky çözgüdiniň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Liderleri geljekki mümkinçilikleri hem-de häzirki anyk ýagdaýlary göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 19:38
4.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......