Berdimuhamedow: «Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň sammiti ýakyn wagtlarda geçiriler»

  • 10.11.2021 19:01
  • 11k+

«TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erim Gurbanguly Berdimuhamedow bilen söhbetdeşlikde türkmen Liderine ýakynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Azerbaýjan — Türkmenistan — Türkiýe üçtaraplaýyn sammiti we ondan garaşýan netijeleri baradaky sowal bilen ýüzlendi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: «Belli sebäplere görä yza süýşürilen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň duşuşygynyň ýakyn wagtlarda geçiriljekdigine umyt edýäris. Bu duşuşyk üç doganlyk döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda aýdyň sahypa bolup, hyzmatdaşlygymyzy kämilleşdirer we baýlaşdyrar, onuň täze ugurlaryny açar» diýip belledi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň, olaryň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesi syýasat, ykdysadyýet, söwda we ynsanperwer ugurlar boýunça üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy ynamly, netijeli ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň çemeleşmeleri Merkezi Aziýa, Hazar we Gara deňzi sebitleriniň ösmegine oňyn täsir edýär. Bu sebitleriň Ýewraziýanyň bu bölegindäki uzak möhletli durnuklylygyň berk binýadyna öwrülmegine goşant goşýar. Üç döwletiň mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi, umumy çeşmeleriň ulanylmagy, geografik, senagat we tehnologik aýratynlyklar diňe bir milli ykdysadyýetiň ösmegine güýçli itergi bermän, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde geoykdysady gurluşa, täze döredijilik many-mazmunyna we aýratynlyklaryna goşant goşup biljekdiginiň subutnamasydyr.


düýn 19:38
4.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......