«Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» forumyna gatnaşyjylar bilelikde beýannama kabul etdiler

  • 07.11.2021 23:06
  • 3.2k+

Bişkekde ilkinji “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ykdysady forumy tamamlandy. Oňa gatnaşyjylar bilelikde beýannama berdiler, onuň çäginde ýaşyl ykdysadyýete geçmek, sanlylaşdyrmak we sagdyn iş şertlerini döretmek meseleleri kesgitlenildi. Bu barada Gyrgyzystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, centralasia.news habar berýär.

Ýaşyl ykdysadyýet. Foruma gatnaşyjylar global ýylamanyň sebitiň suw-energetika çeşmelerine ýetirýän täsirine alada bildirdiler hem-de howanyň üýtgemegine garşy bilelikde göreşmegi dowam etdirmek we bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesini gazanmak kararyna geldiler. Arassa energiýa önümçiliginiň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýumlarynyň we ýaşyl maliýeleşdirmegiň çäginde Merkezi Aziýanyň potensialyna aýratyn üns berildi.

Sanlylaşdyrmak. Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň hökümet wekilleriniň aýtmagyna görä, sanlylaşdyrmakda gazanylýan ösüş döwlet dolandyryşynyň mümkinçiliklerini giňeltmek we ýaşaýjylaryň degişli derejede çözgütleri kabul etmäge gatnaşygyny ýokarlandyrmak üçin zerurdyr. 

Munda elektron hökümeti döretmäge gönükdirilen özgertmeleriň netijeliligine üns berildi. Döwlet işgärleri, hususan-da obalarda internet gurşawyny we hilini ýokarlandyrmak, Bütindünýä bankynyň we ÝB-niň goldaw bermeginde ýokary netijeli sanly bilim ekoulgamyny döretmek barada ylalaşdylar.

Sagdyn iş şertleri. Bu mowzugy ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde gurultaýa gatnaşyjylar önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmaga, özara eksporty giňeltmäge, “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” maýa goýum maksatnamasynyň çäginde özgertmeleri durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge, ÝB bilen MA-nyň arasynda söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýa sebitiniň halkara söwda ulgamyna goşulmagyny güýçlendirmäge, gümrük düzgünlerini sazlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Kiçi orta işewürlige kömek bermek, salgyt salmagy ýeňilleşdirmek, kazyýet ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, iş toparlary bilen döwletiň arasyndaky gepleşikleri güýçlendirmek üçin kanunlary üýtgetmegiň ähmiýetine üns berildi. Şeýle-de, býurokratik süýrenjeňligini azaltmagyň zerurlygyna aýratyn ähmiýet berildi.


şu gün 12:20
354

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......