Rus waksinalary Türkmenistana pandemiýa garşy üstünlikli göreşmäge kömek edýär

  • 02.10.2021 16:19
  • 26k+

Russiýanyň koronawirus ýokanjyna garşy waksinalary Türkmenistana ýurduň çäginde pandemiýa garşy üstünlikli göreş alyp barmaga ýardam edýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmana beren eksklýuziw interwýusynda beýan etdi.

"Türkmenistan «Sputnik V» we «Epiwakkorona» rus sanjymlarynyň öz çäginde ulanylmagyny resmi taýdan makullan dünýäde ilkinji döwletleriň biri boldy. Bu hem köp babatda koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy üstünlikli göreş alyp barmaga mümkinçilik berdi we häzir hem ýardam edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow pandemiýa garşy göreşde iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny belledi.

"Pandemiýanyň ilki başlan günlerinden bäri, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda gysga wagtyň içinde ylmy-lukmançylyk jemgyýetiniň, degişli ministrlikleriň we edaralaryň arasynda netijeli ikitaraplaýyn gurallar ýola goýuldy. Bu ýeňil bolmadyk şertlerde biziň ýurtlarymyz hakyky raýdaşlygyň, özara goldawyň oňyn göreldesini görkezdi diýsek, ulaldyp aýtdygymyz bolmaz. Hyzmatdaşlygyň hut şular ýaly häsiýetini nygtap geçmek bilen, men Russiýanyň aýratyn ornuny belläp geçýärin we onuň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirýärin - diýip, türkmen Lideri belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda sanjym işiniň bellenen tertibe we zerurlyklara laýyklykda, ýurduň tutuş çäginde  alnyp barylýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, saglygy goraýyş ulgamy, arassaçylyk gulluklary sazlaşykly işleýär, keseliň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň ählisi görülýär.


09.06.2026 23:14
5.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....