Türkmen Lideri «Bouygues» we «Çalyk Holding» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

  • 27.09.2021 12:50
  • 15k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň öňden gelýän meşhur hyzmatdaş kompaniýalary bolan «Bouygues» fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buigi we «Çalyk Holding» türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Daşary ýurtly myhmanlar türkmen Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýubileýi hem-de Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Belläp geçsek, «Bouygues» we «Çalyk Holding» kompaniýalary birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

 


şu gün 00:03
1.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 19:11
5.8k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......