Wýetnamda 2000 ýyl ozal dişleri garaltmak däbi bolupdyr: bu geň däbiň syry açyklandy

  • 18.02.2026 09:57
  • 6.2k+

Dişleri garaltmaklyk — Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa halklarynyň arasynda gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän özboluşly däpdir. Bu däp adamlar üçin "özüňkini" "ýatdan" tapawutlandyrmak, adamlary jyn-şeýtanlardan, medeniýetli halky bolsa "wagşylardan" saýhallamak ýaly birnäçe möhüm wezipäni ýerine ýetiripdir.

Täze ylmy barlaglar bu däbiň eýýäm 2000 ýyl mundan ozal, häzirki Wýetnamyň çäginde dörän Dongşon medeniýeti (Demir asyry) döwründe bolandygyny görkezdi. Mundan ozal, taryhy tapyndylardaky dişleriň gara örtügini diňe "betel" (ýerli ösümlik) çeýnemegiň netijesi diýip çaklaýardylar.
Alymlar Demir asyryna degişli iki sany we XVII asyra degişli bir sany dişi derňediler. Barlaglar netijesinde syrçadaky gara gatlagyň tebigy däl-de, eýsem ýörite dermanlar arkaly emele getirilendigi anyklandy - dişiň ýüzünde demriň we kükürdiň galyndylary tapyldy.
Dongşon ýaşaýjylary demir duzlaryny taninler (ösümlik madda) bilen garypdyrlar. Bu himiki reaksiýa netijesinde "demir-tanat" diýlip atlandyrylan durnukly gara kompleks emele gelipdir. Bu usul gadymy döwürlerde ulanylan gara syýalaryň ýasalyşyna meňzeşdir.
Bu tapyndylar gadymy Hytaý çeşmeleriniň maglumatlaryny hem tassyklaýar. Şol döwrüň Hytaý ýazgylarynda häzirki Wýetnamyň çäginde "Gara dişli adamlar patyşalygynyň" bolandygy agzalýar. Bu bolsa Demirgazyk Wýetnamyň we Günorta Hytaýyň arasyndaky gadymy medeni gatnaşyklaryň subutnamasydyr.
Barlagyň netijeleri Archaeological and Anthropological Sciences žurnalynda çap edildi.


şu gün 10:53
899

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....