Emomali Rahmon häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini çözmekde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýetini belledi

  • 13.12.2025 01:16
  • 4.4k+

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda 12-nji dekabrda geçirilen Halkara forumynda eden çykyşynda dünýäniň häzirki geosyýasy ýagdaýlarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

Parahatçylyk we ynanyşmak halkara gatnaşyklary ilerletmekde, dünýä giňişliginde hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmekde möhüm orun eýeleýär hem-de häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini özara düşünişmek we umumy jogapkärçilik ýagdaýynda çözmek üçin mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrmak we durmuş-ykdysady meseleleriň öňüni almak üçin halkara jemgyýetçiliginiň utgaşykly çäreleri görmegi zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ekologik meseleler halkara jemgyýetçiliginiň bilelikdäki tagallalaryny talap edýär. Biziň ýurdumyz halkara hyzmatdaşlar bilen bu işe hemişe öz goşandyny goşýar diýip, Täjigistanyň Prezidenti sözüni jemledi.


şu gün 12:31
250

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
291

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
650

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......