Ýumurtga we bagyr iýmeklik Alsgeýmer keseliniň döremek howpuny azaldýar - alymlar

  • 07.12.2025 23:54
  • 9.5k+

Bedende holiniň ýetmezçiligi beýnä duýdansyz zyýan ýetirip biler. Amerikaly alymlar bu madda baý önümleri, esasanam, ýaşlykda ýeterlik mukdarda iýmegiň beýniniň zeperlenmesini haýalladyp biljekdigini ýüze çykardylar.

Holiniň çeşmelerine ýumurtga, guş eti, balyk we bagyr degişlidir.
Arizona döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) geçiren barlagy Aging and Disease žurnalynda çap edildi. Onda alymlar ýaş semiz adamlarda, garrylardaky akyl ýetiriş bozulmalaryna mahsus alamatlara meňzeş beýni stresiniň alamatlaryny tapandyklaryny habar berdiler. Maglumatlar seljerilenden soň, madda çalşygynyň irki bozulmalarynyň demensiýa başlamazdan has öň beýnä täsir edip biljekdigi baradaky netijä geldiler.
Barlagçylar synagdan geçirilýän ýaşlaryň iki toparyny (ortaça 33,6 ýaş): semiz we adaty agramly ýaşlary deňeşdirdiler. Semiz toparda neýronlar zaýalananda çykýan belok bolan neýrofilamentiniň (NfL) derejesi ýokardy. Ýaş adamlarda NfL ganda holiniň mukdarynyň pesdigi bilen baglanyşyklydy. Bu ýagdaý, adatça, akyl taýdan peselen we Alsgeýmer keselli garry hassalarda bolýar.

"Holin madda çalşygynyň we beýni bozulmalarynyň möhüm markeri bolup, bu barlag onuň gündelik sarp etmegiň ähmiýetini görkezýär, sebäbi ol adamyň saglygy üçin zerurdyr," diýip, barlagyň awtorlarynyň biri Ramon Welaskez belleýär. "Holinden baý iýmitleri berhiziňe goşmak alawlanmany azaltmaga we garrylyk döwründe bedeni we beýnini goldamaga kömek edip biler."

Bellemeli zat, holin witamine meňzeş madda, organiki birleşme, 2-gidroksietiltrimetilamonium kationydyr. Holin ilki başda witamin hökmünde toparlara bölündi we B4 adyny aldy. Şeýle-de bolsa, barlagyň dowamynda onuň statusyna täzeden seredildi we ol witamine meňzeş maddalaryň hataryna geçirdi.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......