Serdar Berdimuhamedow «ENOC» we «Dragon Oil» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

  • 23.10.2025 10:30
  • 4.5k+

22-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýeri, şeýle hem «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmini kabul etdi.

Işewürler amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda iş alyp barmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belläp, netijeli işlemäge berýän yzygiderli goldawlary üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda depginli ösdürilýär.
Häzirki wagtda nebitgaz pudagy ýurdumyzyň iň bir depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Bu pudagy ösdürmegiň strategiýasy, esasan-da, ýerli çig maly ulanmak arkaly, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan, şeýle hem eksport ugurly önümleri öndürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, «Dragon Oil» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi bellenildi.
Döwlet Baştutany ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini we işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini belläp, Türkmenistanyň «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýtdy.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......