Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

  • 20.10.2025 17:43
  • 2k+

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir. Pikir soraşma gatnaşan 15 ýurtdan 7500 zenanyň arasynda diňe 5%-i häzirki iş ýerinde bäş ýyldan uzak galmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Zenanlara laýyk gelýän işi gözlemekde kömek etmek maksady bilen Forbes žurnaly olar üçin dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň täze reýtingini hödürledi. Gözlege transmilli korporasiýalarda işleýän 36 ýurtdan 120 müň respondent gatnaşdy.
Sanaw düzülende bilermenler kompaniýalara birnäçe ugurda baha berdi: iş şerti, iş bilen şahsy durmuşyň deňagramlylygy, zähmet hakynyň derejesi, ýeňillikleriň bolmagy, karýera ösüşi üçin mümkinçilikler we toparda umumy atmosfera. Şeýle-de, gender deňligi, jynsparazlygyň bolmazlygy, kompaniýanyň abraýy we onuň sosial başlangyçlary göz öňünde tutuldy.
Ahyrky sanawa iň köp bal gazanan 400 iş beriji girdi. Öňdebaryjylaryň onlugy şeýle görnüşde:

  • Microsoft (ABŞ, programma üpjünçiligi)
  • Roche Holding (Şweýsariýa, derman serişdeleri we biotehnologiýa)
  • National Bank of Canada (Kanada, maliýe hyzmatlary)
  • Hewlett Packard Enterprise (ABŞ, IT)
  • IKEA (Niderlandlar, söwda)
  • L’Oréal (Fransiýa, parfýumeriýa we kosmetika)
  • Deloitte (Beýik Britaniýa, konsalting)
  • Nike (ABŞ, egin-eşik we sport esbaplary)
  • Netflix (ABŞ, media)
  • Apple (ABŞ, elektronika).

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

11.05.2026 23:23
2.7k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......