Balkan welaýatynda täze infrastruktura desgalary açylar we düýbüni tutmak dabaralary geçiriler

  • 09.10.2025 10:06
  • 13k+

Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu ugurda görülýän taýýarlyk barada 8-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu hünär baýramçylygy mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergini we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suw arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryny, Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, toplumyň zähmetde tapawutlanan işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy we beýleki medeni çäreler guralar.
Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......