Serdar Berdimuhamedow Emomali Rahmony doglan güni bilen gutlady

  • 06.10.2025 11:09
  • 7.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siz parasatly we öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde köp ýyllaryň dowamynda halkyňyzyň bähbidine yzygiderli zähmet çekip gelýärsiňiz. Siziň baştutanlygyňyzda Täjigistanyň ykdysadyýeti durnukly ösýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, ýurduň halkara giňişlikdäki at-abraýy artýar” diýip, döwlet Baştutany hatynda nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini belläp, ony mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Täjigistanyň döwlet Baştutanynyň şahsy goşandyny aýratyn nygtady.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Täjigistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......