Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň meşhur ýerleri boýunça täze syýahatçylyk ugry döredildi

  • 22.08.2025 15:27
  • 12k+

Türkmenistany, Özbegistany we Gazagystany birleşdirýän täze halkalaýyn syýahatçylyk ugry döredildi. Serhetara syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen bu taslama ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 15-den gowrak desgany öz içine alýar. Bu barada Özbegistanyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň Syýahatçylyk boýunça komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Täze ugur Merkezi Aziýanyň medeniýetine, taryhyna, sungatyna we tebigatyna gyzyklanýan syýahatçylara niýetlenendir. Ol syýahatçylary sebitde saklanyp galan baý miras bilen tanyşdyrýar.
Ugruň esasy nokatlary:
Türkmenistan

  • Gadymy Merw – Beýik Ýüpek ýolundaky iň iri arheologik merkezleriň biri.
  • "Derweze" krateri – özboluşly tebigy hadysa.
  • Köneürgenç – Horezm döwletiniň gadymy paýtagty, ÝUNESKO-nyň sanawynda bar.

Özbegistan (Horezm we Garagalpagystan)

  • Içan-Gala we Daşan-Gala – Hywanyň taryhy bölekleri.
  • Nukusdaky I.W.Sawitskiý muzeýi – rus awangardynyň uly kolleksiýasy.
  • Gadymy galalar: Gyzył-gala, Çilpik-gala, Toprak-gala, Aýaz-gala.

Gazagystan

  • Toryş jülgesi, Bozžyra jülgesi we Şerkala dagy – täsin landşaftly tebigy ýerler.
  • Şakpak-Ata kümmeti – orta asyr binagärlik ýadygärligi.

Ugur ýörite edaralar we hususy pudaklar bilen bilelikde taýýarlanyldy. Ol syýahatçylara amatlylyk we baý medeni mazmun hödürleýär. Taslama birnäçe ugurlary birleşdirýär:

  • gastronomik – milli tagamlardan datmak,
  • ekologik – tebigatyň täsin landşaftlarynda dynç almak,
  • etnografik – halk däp-dessurlary, ýörelgeleri we senetleri bilen tanyşmak,
  • zyýarat – mukaddes we ruhy-taryhy ýerleri görmek.

Ugruň kartasyny şu salgydan göçürip almak mümkin.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......