Raşid Meredow Gruziýanyň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi

  • 06.08.2025 14:21
  • 3.7k+

5-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn saparlaryň tejribesini iň ýokary we ýokary derejelerde dowam etdirmegiň, şeýle hem iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Ministrler halkara guramalarynyň çägindäki syýasy dialogyň we konstruktiw hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna ýokary derejeli Gruziýanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlygyň ýene bir subutnamasydyr.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary söwda- ykdysady gatnaşyklary, şol sanda ulag, logistika we energetika ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Taraplar hormat we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini mälim etdiler.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......