Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri öňde boljak bilelikdäki çäreleri maslahatlaşdylar

  • 29.07.2025 13:36
  • 7k+

28-nji iýulda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Özbegistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy berkitmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek hem-de öňde boljak sebit we halkara çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňky ýyllarda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýokary derejä çykandygy, bu işde ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Edaralaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy, haryt dolanyşygynyň we ýük daşamalarynyň artýandygy, şeýle hem bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Şu işleriň çäginde serhetýaka «Şawat–Daşoguz» söwda zolagynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyryna ýetendigi aýdyldy.
Taraplar şu ýylyň sentýabr aýynda Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmek boýunça tagallalary hem utgaşdyrýarlar. Mundan başga-da, bilelikdäki Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini, sebitara forumy we Işewürler geňeşini geçirmek meýilleşdirilýär.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......