Türkmenistan Ruanda Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

  • 16.07.2025 06:49
  • 4.7k+

14-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gol çekmek dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Ruanda Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Martin K Ngoganyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem ilçi A.Ataýewa Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ruandanyň Hökümetini ýene-de bir gezek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) ýokary derejede gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Ruandanyň Hökümetlerini we halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutladylar we bu ädimiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm itergi boljakdygyny nygtadylar.
Ertesi gün, 15-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ruandanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça ministri Oliwýe Nduhungireho bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, LLDC3 maslahatyna taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdylar.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......