Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary boýunça maslahatlaryny berdi

  • 06.07.2025 20:34
  • 9.6k+

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäginde gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýer B.Annamämmedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi we türkmen halkynyň Milli Liderinden bu ugurda özüniň öwüt-nesihatlaryny bermegini haýyş etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta-gündogar künjegine bardy. Bu ýerde wise-premýer B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary we bu ugra degişli gurulmagy meýilleşdirilýän saglyk merkezleriniň taýýarlanylan taslamalary barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň saglyk merkezleriniň işini kämilleşdirmek, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň taslamalary, okuw-ylmy merkezlerde ýokary derejeli tejribeli lukmanlary taýýarlamak we bu ugry ösdürmegiň işlenip taýýarlanylan meýilnamalary babatda Gurbanguly Berdimuhamedowdan degerli maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän taslamalar we gurulmagy meýilleşdirilýän lukmançylyk edaralarynyň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy.
Aýratyn-da, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetniň hassahanalar toplumynyň, Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň we bu ugurdan bilim alýan talyplaryň tejribe toplamagynda möhüm ähmiýeti bolan okuw-usulyýet merkezleriniň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir. Şunda binalaryň seýsmiki ýagdaýyna zerur üns berilmelidir.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyny ödemeýändigini aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ugurda işleýän ýolbaşçylaryň işiniň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirendigini nygtady. Saglygy goraýyş ulgamyna häzirki zamanyň ösen tehnologiýasy, sanly ulgam işjeň ornaşdyrylmalydyr. Şol bir wagtyň özünde lukmanlaryň tejribe toplamagy, olaryň hünäriniň kämilleşdirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän häzirki zaman saglyk merkezlerine barýan ýollaryň ugrunda ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmelidigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň çäginde Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň gurulmagynyň  we toplumyň ýanynda ýaşlara lukmançylyk hünärini öwredýän mugallymlar, aýratyn-da, ýaş mugallymlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, talyplar üçin bolsa umumy ýaşaýyş jaýynyň gurulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belläp, wise-premýer B.Annamämmedowa bu mesele babatda  Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenmegi maslahat berdi.


20.06.2026 12:08
6.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......