Walentina Matwiýenko telefon arkaly söhbetdeşlikde Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

  • 30.06.2025 10:04
  • 8.5k+

29-njy iýunda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko telefon arkaly söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady.

Söhbetdeşligiň barşynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Bu gatnaşyklar berk dostluk, özara hormat goýmak däplerine esaslanyp, ähli ugurlar boýunça netijeli duşuşyklar we gepleşikler arkaly ösdürilýär. Söhbetdeşleriň umumy pikirine görä, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, netijeli, dostlukly dialog türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýär.
Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda syýasy dialog, şol sanda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Mundan başga-da, söwda-ykdysady gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, medeniýet, ylym, ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler netijeli döwletara gatnaşyklary iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......