Serdar Berdimuhamedow dünýä döwletleri bilen ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegi dowam etmegi tabşyrdy

  • 28.06.2025 01:42
  • 6.1k+

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan taýýarlanylan birnäçe teklipleri beýan etdi.

Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlarda halkara guramalar bilen utgaşykly hereket etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin,  şu ýylyň 28-nji iýunynda Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasy we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde “tegelek stol” maslahatyny geçirmek teklip edilýär.
Şunuň bilen bir hatarda,  halkara ynsanperwerlik işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 29-njy iýunynda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Brifing görnüşinde duşuşyk geçirmek baradaky teklip beýan edildi.
Şeýle hem BMG-niň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň wekilleri bilen ynsanperwerlik işi has-da ösdürmek üçin üç ýyllyk iş meýilnamalary düzmek we olary tassyklamak teklip edilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge, zerur bolan ýagdaýynda ynsanperwer kömegini bermäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Döwlet Baştutany beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine  ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky ynsanperwer  gatnaşyklary berkitmegi we giňeltmegi dowam etmegi tabşyrdy.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......