Türkmenistan IOM bilen migrasiýa meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • 27.06.2025 11:24
  • 3.6k+

26-njy iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen IOM-nyň hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogaryň çäklerinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda Türkmenistan ynsanperwerlik we hemişelik oňyn bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, jedeli syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmekde hem-de ynsanperwer meseleleri çözmekde işjeňlik görkezdi. Türkmen döwletiniň bu ýagdaýda alyp baran işleri ýurdumyzyň düzgünleşdirilýän, howpsuz we kanuny migrasiýany üpjün etmäge ygrarlylygyny görkezýär. Munuň özi bolsa migrasiýa hakynda ählumumy şertnamanyň çäklerindäki borçnamalara laýyk gelýär. Taraplar adatdan daşary ýagdaýlarda işleriň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmek barada ylalaşdylar.
Şeýle hem şu ýyl üçin Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan işleriň barşy, hususan-da, Howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýa hakynda ählumumy şertnamanyň ýerine ýetirilişi gözden geçirildi.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......