Türkmenistan we Ýaponiýa täze taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşdy

  • 24.06.2025 19:11
  • 3.4k+

23-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň başlygy Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi.

2025-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň we onuň çäklerindäki iň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň, şeýle hem ýapon işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygyň ähmiýeti bellenildi. Bu ugurda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa bilen söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen anyk tekliplerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly we uzakmöhletleýin häsiýetini bellemek bilen, özara gatnaşyklary ilerletmegiň möhüm guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlarynyň alyp barýan işine aýratyn üns çekildi.
Duşuşykda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň gidişi, şeýle hem gaz himiýasy we oba hojalygy pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......