Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular

  • 27.05.2025 10:26
  • 2.1k+

26-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen  telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini, hususan-da, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, energetika we beýleki birnäçe ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen Hytaýyň BMG-de, beýleki halkara düzümlerde we görnüşlerde birek-birege bolan köpýyllyk goldawy barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, dostlukly we konstruktiw dialogyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginli ösdürilmeginiň esasy şertidigi barada nygtaldy. Hut Türkmenistan bilen Hytaýyň baştutanlarynyň we liderleriniň yzygiderli duşuşyklary ugurlaryň giň toplumy boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ösdürmek üçin berk esas bolup durýar.
Daşary işler ministrleri iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň ähmiýetini bellediler hem-de diplomatik ýollar boýunça yzygiderli ikitaraplaýyn gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......