Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň güni we haly baýramy bilen gutlady

  • 26.05.2025 20:19
  • 5.9k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Aşgabat şäheriniň güni hem-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan gutlady.

"Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara serginiň hem-de maslahatyň guralmagy, ýurdumyzda okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Soňky jaň» dabarasynyň geçirilmegi we Türkmen halysynyň baýramynyň bu ajaýyp baýram bilen gabat gelmegi şanly senäniň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle ajaýyp günde gujagy gül çemenlerinden doly uçurymlaryň säher bilen mukaddesliklerimize tagzym etmekleri milli buýsanjyň belentliginden, bagtyýar geljege ynamyň berkliginden, Watana çäksiz söýginiň egsilmezliginden nyşandyr" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belleýär.

Gutlagda bellenilişi ýaly, "Aşgabadyň dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna, «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzasy bolmagy, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär".


şu gün 07:51
1.1k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.6k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
963

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......