Wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi

  • 23.05.2025 12:23
  • 1.7k+

22-nji maýda wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Mejlisiň gün tertibine BMG-niň 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň täze tapgyry üçin Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de DÖM-e ýetmek işlerini çaltlandyrmagyň ýollaryny gözlemek ýaly meseleler girizildi.
R.Meredow Türkmenistanyň we BMG-niň parahatçylyk we howpsuzlyk, durmuş-ykdysady ugur, DÖM-iň durmuşa geçirilmegi, ulag we energetika, howanyň üýtgemegine garşy göreş hem-de beýleki birnäçe ulgamlar boýunça strategiki hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada giňişleýin durup geçdi.
Mejlisiň barşynda geçen ýyl döredilen “Türkmenistan – BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň orny nygtaldy.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasynda durnukly ösüş, ulag, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, şeýle hem ynsanperwerlik ölçegi, şol sanda adam hukuklarynyň goralmagy, milli medeni mirasy gorap saklamak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryna iň oňat tejribäni ornaşdyrmak we peýdalanmak ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.
BMG-niň bölümleriniň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler barada habar berdiler hem-de bu ugurdaky pikirleri we teklipleri bilen paýlaşdylar.
Şeýle hem mejlisde öňde boljak duşuşyklaryň we meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň tertibine garaldy.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......