Türkmenistan Eýrana serhediniň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi

  • 21.05.2025 11:59
  • 7.9k+

19-20-nji maýda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda türkmen tarapyna – Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredow hem-de eýran tarapyna Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň we EYR-nyň wekilleri söwda-ykdysady, ulag we logistika, gaz, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýumlary we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini giňişleýin gözden geçirdiler, şeýle hem Hökümetara toparyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişini seljerdiler.
Söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek barada aýtmak bilen, türkmen tarapy türkmen-eýran serhediniň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmek teklibini öňe sürdi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ylym we bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, duşuşyga gatnaşyjylar şu gezekki mejlisiň barşynda gazanylan täze ylalaşyklaryň iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbidine konstruktiw dialogyň has-da pugtalanmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Mejlisiniň jemleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýrana saparynyň çäklerinde Raşid Meredow bilen Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň, nebit ministri Mohsen Paknejadyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......