Italiýaly alymlar näsagyň demi boýunça böwrek keselini anyklamak üçin datçik döretdiler

  • 12.05.2025 16:12
  • 2.4k+

Italiýaly fizikler we lukmanlar hassanyň goýberýän deminiň düzümi boýunça ötüşen böwrek keselini anyklap biljek arzan datçigi işläp düzdüler. Bu barada ACS Sensors žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.

Sensor çeýe elektronika we porfirinler toparyna degişli dört organiki maddanyň molekulalary goşulan PEDOT/PSS polimerine esaslanýar. Bu goýberilýän demiň düzümindäki ujypsyz üýtgeşmeleri, mysal üçin,  ammiagyň we azot saklaýan beýleki birleşmeleriň, ketonlaryň, aldegidleriň we sulfidleriň yzlaryny bellige almaga  mümkinçilik berýär.

"Biziň datçigimiz ötüşen böwrek keseliniň bardygyny 93% ýagdaýda anyklamaga we 86% ýagdaýda onuň ýokdugyny dogry kesgitlemäge ukyplydyr. Bu tehnologiýa diňe bir dowamly böwrek keselini ýüze çykarmaga mümkinçilik bermän, eýsem lukmanlara hassalaryň ýagdaýynyň üýtgemegine gözegçilik etmek we keseliň ösüşiniň tebigatyny üýtgetmek üçin täze mümkinçilikleri döreder" – diýip, barlagda aýdylýar.

Tehnologiýany Tor Wergata uniwersitetiniň professory Korrado di Nataleň ýolbaşçylygyndaky topar işläp düzdi. Synaglara 50 sany sagdyn meýletinçi, şonça-da  mukdarda hem şol kesel bilen kesellän näsaglar gatnaşdy. Datçikler lukmançylyk agyz-burun örtüklerine dakylyp, goýberilýän demiň düzümini ýazga aldylar.
Ozal şeýle seljermeler diňe mass-spektrometrli barlaghanalarda geçirilýärdi. Täze datçik keseli laboratoriýalaryň daşynda kesgitlemegi amatly edip, hassalara gözegçiligi ýönekeýleşdirer.
BSGG-niň maglumatlaryna görä, dowamly böwrek keselinden dünýäde, takmynan, 880 million adam ejir çekýär. Olaryň ýaýramagy süýji keseli bilen keselleýänleriň  we semizleriň sanynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr.


düýn 07:29
2.6k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......